19.02.2026
10:05
2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Ženewada BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK) Içerki ulag boýunça komitetiniň (IUK) 88-nji mejlisi öz işine başlady. Bu komitet ulag we ulag syýasatynyň ösdürilmegi boýunça esasy halkara meýdançalarynyň biridir. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Içerki ulag boýunça komitetiň häzirki 88-nji mejlisi döwletleriň ulag edaralarynyň ýolbaşçylaryny, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny, degişli düzümleriň wekillerini, ulag işewürliginiň we bilermenler jemgyýetçiliginiň agzalaryny birleşdirýär. Çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Оrunbasary B.Annaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar.
Gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleriniň hatarynda daşamalaryň awtomatlaşdyrylmagy, infrastruktura sanlylaşdyrmasy, halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi hem-de kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň utgaşdyrylmagy bar.
Mejlis «Geljekki içerki ulag üçin innowasiýalary ilerletmek» diýen umumy tema boýunça geçirilýär we innowasiýalar, awtomatlaşdyrma, sanlylaşdyrma, infrastruktura ösüşi hem-de halkara ulag ulgamlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak meselelerine bagyşlanýar.
Ýokary derejeli mejlisiň çäklerinde akylly ulag çözgütleriniň ornaşdyrylmagy, sanly özara baglanyşyklylyk we durnukly söwda bähbitlerine laýyklykda ulag baglanyşygyny berkitmek boýunça ministrler derejesindäki panel maslahatlary geçirildi.
Ýokary derejeli mejlisde çykyş eden Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy ýurdumyzda ulag ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynyň döwlet syýasatynyň strategik ileri tutulýan ugrudygyny belledi. Şeýle hem elektron resminama dolanyşygynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, döwletara maglumat alyş-çalyş mehanizmleriniň ornaşdyrylmagyna hem-de «Demirgazyk-Günorta» we «Günbatar-Gündogar» ugurlary boýunça sanly ulag geçelgeleriniň döredilmegine aýratyn ähmiýet berildi.
Mundan başga-da, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen amaly hyzmatdaşlyk, şol sanda multimodal daşamalaryň sanlylaşdyrylmagy we maglumatlaryň awtomatlaşdyrylan alyş-çalyşygy boýunça hyzmatdaşlyk aýratyn bellenildi.
Çykyşda milli başlangyçlaryň durnukly ösüş boýunça ählumumy gün tertibi bilen arabaglanyşygy, hususan-da, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda yglan edilen 2026-2035-nji ýyllar üçin Durnukly ulagyň onýyllygy bilen sazlaşygy nygtaldy.
Mejlisiň işi 2026-njy ýylyň 20-nji fewralyna çenli dowam eder.