09.10.2026
14:50
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Halkymyzyň saglygy baradaky alada Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Şunda şypahana düzümlerine möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda lukmançylyk, şypahana-dynç alyş, syýahatçylyk ugruna degişli täze desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Häzirki zaman şypahanalarynyň enjamlaşdyrylyşy we olarda hödürlenýän hyzmatlar ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelýär.
Bu ugurda «Arçman» şypahanasy ýurdumyzyň esasy bejeriş merkezleriniň biridir. Şypahanada ýola goýlan hyzmatlar, onuň bejeriş suwunyň derejesi bu ýerde saglygyny berkidýänlere özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Şeýlelikde, ýokary derejeli dynç almak, saglyklaryny berkitmek üçin bu ýere gelýänleriň sany yzygiderli artýar. Munuň özi şypahanada ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň ýokary halkara görkezijilere we saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Mälim bolşy ýaly, «Arçman» şypahanasynda gönüden-göni Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen giň gerimli işlere badalga berildi. 2009-njy ýylda bu ýerde 400 orunlyk täze bina guruldy. Şypahana 7 kilometr uzaklykdan agyz suwy çekildi we giň gerimli abadanlaşdyryş işleri ýaýbaňlandyryldy. Mundan başga-da, şypahananyň çäklerinde Saglyk ýoly çekildi. Bu bolsa şypahananyň melhem suwy bilen bejerişiň sportuň dürli görnüşleri bilen utgaşdyrylmagyny üpjün edýär.